Şu günler Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň, galyberse-de köp sanly iri metbugat gulluklarynyň internet sahypalaryny 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine degişli habarlar we makalalar toplumy bezeýär.
Sammite hytaý tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.
Hytaýda geçirilýän bu ilkinji möhüm diplomatik çäräniň 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri 6 döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji ýüzbe-ýüz geçiriljek sammitidir.
Bu sammitiň öňüsyrasynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky käbir malumatlar we sanlar barada habarlar orun aldy.
Şoňa laýyklykda:
- Merkezi Aziýanyň 5 ýurdy
– Hytaý 2013-nji ýylda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy öňe sürdi we şonuň netijesinde özüniň halkara hyzmatdaşlygynda ählumumy ösüş üçin täze itergi beriji güýji döretdi. Merkezi Aziýa döwletleri bu başlangyjyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm ylalaşyklar baglaşdylar.
- 70 milliard dollar
– Hytaý indi köp ýyllardan bäri Merkezi Aziýa döwletleriniň esasy söwda hyzmatdaşydyr. 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň umumy söwdasynyň möçberi 70 milliard dollara barabar boldy. Hytaý sebit ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümlerini satyn alýar. Olaryň hatarynda bugdaý, soýa, miwe we gök önümler, et we et önümleri, gury ir-iýmişler bar. Bu hem ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň deňagramly we sagdyn bolmagyna getirýär.
- 80 göterim
– 2022-nji ýylyň ahyry boýunça Hytaý-Ýewropa ugry boýunça demirýol arkaly ýük gatnatmalaryň umumy bahasy 300 milliard dollar bolup, 65 müňden gowrak otlular arkaly gatnaşdyldy. Şol ýük otlularynyň 80 göterimi Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünden geçdi.
- 57,1 million doza waksina
– Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň başynda Hytaýy koronawirus ýokanjy gurşap aldy. Şol döwürde Merkezi Aziýa döwletleri Hytaýa kömek goluny uzatdy.
Soňra pandemiýa tutuş dünýäde ýaýrap, Merkezi Aziýa hem öz täsirini ýetirdi. Hytaý Merkezi Aziýanyň 5 ýurduna 57,1 million doza waksina kömegini berdi.
- 62 doganlaşan şäherler
– Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň welaýatlary, sebitleri we şäherleriniň 62-siniň arasynda doganlaşan şäher boýunça gatnaşyklar ýola goýuldy.
2022-nji ýylda Hytaý tarapy Hytaýyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk festiwalyny geçirmegi teklip etdi. Öňümizdäki 5-10 ýylda doganlaşan şäherleriň sanyny 100 ýetirmek maksat edinildi.
- Konfusiniň 13 instituty
– Hytaý 2004-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa döwletlerinde 13 Konfusiý institutyny we 24 Konfusiý synpy açdy. Olarda 18 müňden gowrak adam bilim alýar.
- 29855 talyp
– 2010-2018-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýa döwletlerindne Hytaýda bilim alýan talyplaryň sany 11930-dan 29855-ä ýetdi. Ýyllyk ösüş depgini 12.33 göterime deňdir.
Hytaý Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary ýurtda bilim almak isleýän ýaşlarynyň esasy saýlap alýan ýurtlarynyň birine öwrüldi.