JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: türkmen-türk gatnaşyklary täze ugurlar bilen ösdüriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we  Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy ozaly bilen mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly özüne hem-de maşgala agzalaryna gynanç bildirendigi we duýgudaşlyk sözlerini beýan edendigi üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

“Kyn günlerde hakyky dost-dogan hökmünde görkezilýän raýdaşlyk Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe bilen köpugurly we uzakmöhletleýin strategik gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan  ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn  nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygy hem-de häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ýokary depginlerde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde ynanyşmak hem-de birek-biregi özara goldamak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär hem-de pugtalandyrylýar.

Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk kompaniýalary we işewürleri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. “Ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hem ýokary derejä eýedir” diýip Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem täze ugurlar boýunça ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler