SPORT

Messi – ýylyň türgeni

Halkara sport metbugaty assosiasiýasy (AIPS) tarapyndan 2022-nji ýylyň türgeni hökmünde Lionel Messi saýlandy. Ýylyň türgenini saýlamak babatda geçirilen ses berlişige 113 döwletden 420 žurnalist gatnaşdy. Şol ses berlişikde Messi 962 ses aldy we ýylyň türgeni hökmünde saýlandy.

Sanawda ikinji orny ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis, üçünji orny bolsa fransuz ýyldyz Kilian Mbappe aldy.

AIPS tarapyndan şol bir wagtda ýylyň iň gowy zenan türgeni hem saýlandy. Bu ugurda birinjiligi “Barselona” toparynyň futbolçysy Aleksiýa Putelýas eýeledi.

Related posts

“Çelsi” topary ukrain futbolçyny satyn aldy

«Talyp sporty» topary basketbolda Türkmenistanyň çempiony boldy

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Leave a Comment