SPORT

“Çelsi” topary ukrain futbolçyny satyn aldy

Angliýanyň “Çelsi” topary Ukrainanyň “Şahtýor” toparyndan Mihail Mudriki satyn aldy. 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy bilen iňlis toparynyň arasynda 8,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

“Çelsi” topary bu futbolçyny düzümine goşmak üçin 70+40 million ýewro töledi. Ukrain futbolçysy bolsa, ýylda 7,5 million ýewro gazanar.

Mudrik şu möwsümde 24 duşuşykda oýnap, 10 gol geçirdi. Ukrain futbolçy Angliýanyň milli çempionatynyň iň gymmat 5 transferiniň biri boldy. Şeýle hem ol Ukrainanyň taryhyndaky iň gymmat futbolçylaryň biri bolup, bu ugurda rekordyň eýesi bolan Andreý Şewçenkodan öňe geçdi.

Angliýanyň “Çelsi” topary amerikaly işewür Bouli tarapyndan satyn alnandan soňra düzümini güýçlendirmegi dowam edýär. Topar şu möwsümde täze futbolçylar üçin 421 million funt-sterling sarp etdi. 13 futbolçyny düzümine goşdy.

Topar golaýda “Atletiko Madrid” toparynyň portugal ýyldyzy Žoau Feliksi hem kärendesine alypdy.

Related posts

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanydaky ilkinji kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary gysga setirlerinde…

Leave a Comment