Moskwa-Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýlar diýlip, orient.tm neşirinde habar berilýär. Habarda bellenilişine görä, bu maglumatlar Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň habarnamasynda bellenilip geçilipdir. Şol habarnamada rus raýatlarynyň mart aýynda gidip biläýjek ýurtlarynyň sanawy göz öňünde tutulypdyr.
Sanawda 15 ýurt bar – Türkiýe, BAE, Bahreýn, Katar, Marokko, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan, Şri-Lanka.
Golaýda, Russiýanyň Federal howa ulaglary gullugy, koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýyň gowulaşmagy sebäpli Türkmenistana we beýleki ýedi ýurda uçuşlara rugsat beripdi.
Howa giňişliginiň ýapykdygyna garamazdan, köp sanly daşary ýurt kompaniýalary Aziýa we Ýakyn gündogar ugurlaryny uçar gatnawlaryny täzeden dikeltmek üçin Russiýa dolanyp barmagy maksat edinýärler – diýlip, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasynyň habarnamasynda bellenilip geçilipdir.
Bellemeli zat, https://turkmenistanairlines.tm/ saýtynda bu barada maglumat berilmändir.
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň saýtyndaky 14.03.2022 senesinde täzelenen maglumata görä, mart aýynda Aşgabat ugruna hepdede 5 gezek, aprel aýynda hepdede 5 gezek uçar gatnawy göz öňünde tutulýar. Bellemeli zat, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy eýýäm köp wagtdan bäri şeýle maglumaty her aý täzelenen “halkara uçar gatnawlary baradaky maglumatnamasynda” ýerleşdirýändigine garamazdan, häzire çenli diňe ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar.
Ýadyňyzda bolsa, ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymy kabul etdi. Türkiýäniň öňki Premiýer-ministri Binali Ýyldyrym bu duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda: “Duşuşygyň barşynda koronawirus pandemiýasy sebäpli howa ýollar arkaly gatnawlarynda çäklendirmeleriň bardygyny belläp geçdik. Sebitde we dünýäde şertleriň has-da gowulaşýandygyny, şonuň üçin hem howa ýollary gatnawlarynyň täzeden gözden geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdik” diýip mälim etdi.
Soňky wagtlarda halkara ýörite uçar gatnawlarynyň sany artýar. Mysal üçin, mart aýynyň 9-yna “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat ýörite uçar gatnawyny amala aşyran bolsa, şol gün Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.
Mart aýynyň 10-yna Ukrainadaky raýatlarymyzy getirýän uçar Rumyniýadan, 13-ine bolsa Polşadan ýurdumyza geldi.
Mart aýynyň 14-ine bolsa, Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem şu gün Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçar gatnawyny amala aşyrdy.