JEMGYÝET

Halkara uçar biletleri barada

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtyna gelip gowşan  täze maglumata görä, bu kompaniýa ozal bu awiakompaniýadan satyn alnan awiapetekler barada maglumat berdi.

Şol maglumata laýyklykda, öň satyn alnan awiapetekleriň möhleti dolýandygy sebäpli, awiapetekleri iň gysga wagtyň içinde  2021-nji ýylyň 30-njy dekabryndan gijä galman, yzyna gaýtaryp bermeklik haýyş edilýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu kompaniýadan satyn alnan awiapetekleriň möhletiniň dolmagy sebäpli onuň yzyna gaýtaryp bermek babatdaky amallaryň resmileşdirilmelidigi göz öňünde tutulýar.

Biletleriň yzyna gaýtaryp berilmegi babatda THY-nyň Aşgabat bilet satuw ofisine ýüz tutup bolar (Atatürk köçesi No: 82, ofis A7-A8 / “Berkarar” Işewürlik merkezi 1-nji gat, Tel: + 99361 01-44-33).

Mälim bolşy ýaly, dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlary wagtlaýyn çäklendirildi.  Şonuň üçin Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy häzirki wagtda diňe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

 

THY: ýörite gatnaw meýilleşdirilýär

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Milli Liderimiz: “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formaty sebitiň ýurtalarynyň global arenadaky ornuny berkitýär