SPORT

«Ahal»-yň «Nasaf»-y utup bilmek mümkinçiligi nähili? 

Bilşimiz ýaly, «Ahal» topary ertir «Nasaf» toparyna garşy möhüm duşuşyk geçirer. Biz «Ahal»-yň özbek topary üçin oýnamaga giden 26 futbolçysy bilen tanyşdyk. Düzümde Arslanmyrat Amanowyň ýokdugyny hasaba almasaň ullakan ýitgi bar diýip bolmaýar. Arslanmyradyň hem topara (resmi tarapy tamamlanan bolsa-da) indi goşulmaly futbolçydygyny unutmaly däl. Biz bu iki toparyň sebitdäki toparçalaýyn oýunlarda nähili oýnandygyny gördük, bu barada durup geçip oturasy iş ýok. «Nasaf»-yň güýçli garşydaşlary yzda goýup (onda-da ymykly tapawutlanyp) sebitiň finalyna çykandygyny bellemek gerek.

Belki şondandyr, ýa-da özbek futbolynyň umumy derejesini göz öňine tutupmy köp hünärmenleriň öňimizdäki oýunda «Nasaf»-yň üstün çykjakdygy hakyndaky çaklamalaryna men dogry düşünýän. Emma muňa garamazdan, bu gezek ildeşlerimiziň Rozkul Berdiýewiň şägirtlerini utup bilmek ähtimallyklary hakynda söhbet açmakçy.

Eýsem «Ahal» näme babatda «Nasaf»-dan üstün.

  1. Hüjümkär futbol. “Futbolda iň gowy gorag, bu hüjüm” diýen aýtgy Bu söz hemme oýunda şygar bolup bilmese-de öňümizdäki oýunda “Ahal” üçin esasy ýörelge bolup biler. Näme üçin bilýäňizmi?

“Nasaf” häzir Özbegistan çempionatynda 15 oýundan soň 24 utuk toplap, 5-nji orunda barýar, topar 15 oýunda 14 gezek öz dewezesinden top alyp çykypdyr. Bu ýagdaý toparyň goranyş usulynda mesele bardygyny görkezýär. Goý bu netije umumy bolsun, onda soňky oýunlaryna üns bereliň “Lokomotiw” bilen oýundaky geçirden iki goluny gördüňizmi? Toparyň goragy çuňlaşdyrjak bolşunda biraz logikasyzlyk bar, meýdan merkezinden Jorobek Mannonow  pökgüni yza Marko Stonoewiçe geçirdi, ol bolsa topy saklap bilmedi we netijede garşydaş topy almagy başardy. Ikinji gol ýene şolar ýaly, Dilşat Saýitýew bilen Marko Stonoewiçiň meýdan merkezinde düşünişmezligi sebäpli boldy.

Toparlaýyn pozisýany çalyşmakda “Nasaf” agsaýar.Umuman, şu oýunda merkezde top bilen hereket etmek we beýleki ýagdaýlarda “Nasaf” daşkentlilerden ejiz geldi diýip bolar. Soňky kubok oýnunda hem ilki hasap açanyna garamazdan, “Nasaf” yzly-yzyna iki goly aňsat geçirtdi. Gepiň gysgasy akylly başly hüjüm gurnap bolsa, “Nasafy”-yň ýaryp geçip bolmaýan goragy ýok.Üstesini soňky oýunda esasy derwezeçi Nemotowyň şikes alandygy (oýnaýsa hem şikesli oýnar) hem ildeşlerimize bähbitli bolmagy ahmal.

  1. Ýekeme-ýeke göreşler. Arap ýurtlarynyň futbolynda men bir zady gowy görýän, olarda islendik futbolçy ýekeme-ýeke göreşlerde özlerini erkin tutmaga we utup çykmaga hereket edýär welin köp arap ýygyndylary taktikany şol ýagdaýyň üstünde gurýar. Dogry men muňa dünýäni aňk eden usul diýjek bolamok (gürrüň biziň yklym hakynda gidýänini unutmaly däl) emma şu oýunda ähmiýet bereniňe degýän ýagdaý “Ahal”-yň futbolçylary tejribe babatynda “Nasaf”-yň futbolçylaryndan üstünräk. Dogry özbek toparynyň Andriýa Kaluderowiç ýaly tejribeli futbolçyny öz hataryna goşandygyny hasaba almaly bolýarys, ýöne entek onuň topar we toparyň taktikasy bilen öwrenişýänçä kän wagt gerek bolar, galyberse-de men “Ahal”-yň goragçylaryna ynanýan, olar sebitde iň gowy goragçylar hasap edilýär. Şu ýekeme-ýeke göreş faktoryna daýanmaly bolýarys.
  2. “Tanamadyk sylamaz”. Goý şeýle bolsun. Bir hakykat bar, häzir köp habar beriş serişdeleri we özbek tarapynyň hünärmenleri bary bir “Nasaf” şu oýunda ýeňillikli utar diýip çaklaýarlar. Ildeşlerimiz bu ýagdaýdanam peýdalanyp biler, özüni birinji derejeli topar hasap edip oýnaýan topary utmak ruhy taýdan güýçli topara kyn düşenok (bärde toparyň psihologiýasam rol oýnap biler).

Iň gyzykly ýeri biz “Nasaf”-y bilýäris, emma olar “Ahal”-y gaty çuň tananok, muňa mümkinçilikleri hem ýok, ellerinde bary-ýogy Gyrgyzystandaky iki oýunyň ýazgysy bar. Bu ýagdaýy tälimçi Rozkul Berdiýewiň özi hem boýun aldy. Diýmek garşydaşyň bizi kän öwrenip bilmäninden hem biz peýdalanyp bilmegimiz ahmal.

Umuman, bärde tälimçi faktorynyňam hem orny uly bolar. Bu babatynda Mergen Orazowa üstünlik arzuw edýärin. Meniň bilşime görä, bu oýun Orazow üçin hem ullakan synaglaryň biri bolar. Ildeşlerimize üstünlik ýar bolsun.

Bellik:Oýun ertir sagat 20:00 da başlar.

                                                                              Merdan Baýat, futbol synçysy.

“Apple”: täze tehnologiýa enjamlary tanyÅŸdyrylar

 

 

Ýene-de okaň

Winisius – “Ýylyň iň gowy futbolçysy”

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen “Wilýareal” klubunyň onlaýn duşuşygy

Neýmar Messiniň ýanyna gitmekçi

Ronaldonyň gymmaty pese gaçdy

Hindi küştçisi dünýäniň iň ýaş çempiony boldy

Saud Arabystany futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder