Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Topardan, jemgyýetçilikden gaty daşlaşmaň. Özüňizi haýsydyr bir tarapdan tapawutlandyrmak isleseňiz, howlukmaň, häzir muny edip bilmersiňiz. Dowamly keseliň güýçlenmegi mümkindir. Agyr fiziki zähmet we artykmaç aladaçyllyk maslahat berilmeýär. Dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşykda rahatlyk taparsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Öňki günleriň kynçylyklaryny ýeňip geçmegiňiziň netijesinde, maddy ýagdaýyňyzy we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy ep-esli gowulaşdyryp bilersiňiz. Bu gün ummasyz köp iş, şeýle-de möhüm resminamalar size garaşýar. Belki-de, ýakyn adamyňyzdan çynlakaý teklip gelip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün haýsy işe baş goşsaňyzam, hemme zady başaryp bilersiňiz. Zehinlilik we biraz mekirlik ukyby iň kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder. Diňe öz düşünjäňize görä hereket ediň. Ýakyn garyndaşlaryňyz sizden kömek sorap bilerler, muny äsgermezlik etmäň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün ýakymly we ýakymsyz her dürli garaşylmadyk zatlardan doly bolup biler. Iş sizden jemlenmegi we guramaçylygy talap eder. Uly çykdajylary etmek maslahat berilmeýär. Maşgala agzalary bilen bu gün doly düşünişersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işlemek islegiňiz bolar we zähmetsöýerligiňiz artar. Durmuşyň haýsy ugruna has köp tagalla etmelidigiňizi çözüň. Çagalar bilen gaty ynamly gatnaşyk saklaň. Olar bilen agras we berk bolmajak boluň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Belki, size girdejili iş hödürlener. Emma razylyk bermäge howlukmaň, ýogsam adamlar bilen gatnaşyklarda çynlakaý kynçylyklar bolup biler. Bu bolsa, düzedip bolmajak ýalňyşlyklara getirmegi-de ähtimaldyr. Günüň ikinji ýarymynda abadançylygyň ýaramazlaşmagy, aladalanmak we erbet duýgularyň bolmagy ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün durmuş, energiýa potensialyňyz artar. Käbir kynçylyklar mümkin bolsa-da, işiň gidişine düýpli täsir etmez. Är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar has ýumşak we ýakyn bolar. Bu gün siz birek-birege mätäçdigiňizi duýarsyňyz.