SIZDEN GELENLER

Krapiwa ösümliginiň peýdalary we täsinligi  

Krapiwanyň saglyga berýän iň möhüm peýdalarynyň arasynda bedeni detoksifikasiýa etmek, metabolik netijeliligi, immuniteti, gan aýlanyşygy, energiýa derejesini ýokarlandyrmakda we derini ideg etmäge örän uly ýardam berýär. Böwrek we öt haltasynyň saglygyny goramaga, myşsa maşsasyny köpeltmäge, gormonal işjeňligi kadalaşdyrmaga, süýji keseliniň öňüni almaga, gan basyşyny peseltmäge, we dem alyş ýagdaýlaryny gowulaşdyrmaga kömek edýär.

Krapiwa ösümligi Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Aziýanyň sowuk sebitlerinde we Kanadada ösýär. Krapiwa ösümligi janly wagtynda tüýjimek dikenleri ösümlige degmek bilen döwülýär we düzümindäki formik kislota we gistamin ýaly maddalar el degirlen wagtynda bedende gijilewige we gyzarmaga sebäp bolýar we bedene zyýan ýetirmeýär. Bu aýratynlygy mör-möjeklerden goranmagyny üpjün edýär.

Iýmit siňdiriş ulgamyndan başlap, immun ulgamy kesellerine çenli köp ugurda täsir edýän krapiwa beden saglygy üçin örän peýdalydyr. A, B we K witaminleri, riboflawin, niasin, folat, fosfor, uglewodlar, ýag we beloklary öz içine alýan bejeriş çeşmesidir.

100 gram krapiwaniň ýagny ösümliginiň ýokumlylygy aşakdakylar:

  • Suw: 87,67 gr
  • Energiýa: kcal42
  • Belok: 2.71 gr
  • Jemi ýag: 0,11 gr
  • Uglewod: 7,49 gr
  • Süýüm: 6,9 gr
  • Jemi şeker: 0,25 gr
  • Kalsiý: 481 mg
  • Demir: 1,64 mg
  • Magniý: 57 mg
  • Fosfor: 71 mg
  • Kaliý: 334 mg
  • Natriý: 4 mg
  • Sink: 0,34 mg
  • Tiamin: 0,01 mg
  • Riboflawin: 0,16 mg
  • Niasin: 0,39 mg
  • B-6 witamini: 0,1 mg
  • Folate, DFE: 14 µg
  • A witamini, RAE: 101 µg
  • A witamini, IU: 20 11 IU
  • K witamini (filokinon): 498,6 µg

Bu ösümlik düzümindäki witaminler bilen adam bedeninde ýüze çykýan kömelek keseli ýaly örgünli keselleri bejermekde hem giňden ulanylyar.

 

AHMEDOW KYÝAS,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Islandiýa serhetlerini açdy, ýöne bir şert bilen

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat