SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýa sanjym satyn alar

Beýik Britaniýa Fransiýanyň “Sanofi” derman korporasiýasy bilen Angliýanyň “GSK” (GlaxoSmithKline) kompaniýasy tarapyndan bilelikde taýýarlanýan koronawirus sanjymyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.

Beýik Britaniýa sanjymyň 60 million dozasyny satyn almakçy bolýar. Iki derman kärhanasy hem sentýabr aýynda kliniki synaglara başlamagy we sanjymy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

Sanjym gribe garşy sanjymlary döretmekde eýýäm ulanylýan DNK rekombinasiýa tehnologiýasyna esaslanýar.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Komissiýasy Amerikanyň “Gilead Sciences” biofarmasewtika kompaniýasyndan “Remdesivir” söwda belligi bolan “Vekluri” farmasewtik serişdäni satyn almak barada ylalaşyga gol çekişdi. Dermanyň ilkinji tapgyry keseliň agyr alamatlary bolan takmynan 30 müň hassany bejermek üçin ulanylar we munuň bahasy 63 million ýewro deň bolar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy

Çatalhöýük: Müňýyllyklaryň astyndan ýüze çykarylan ene tarapyndan nesil yzarlanylýan jemgyýet

Ata Watan Eserleri