SPORT

Ýewropa futbolynyň koronawirus zerarly zyýany

UEFA guaramasy Ýewropa futbolynda täze görnüşli koronawirus (Covid-19) epidemiýasy sebäpli ykdysady ýitginiň 9 milliard ýewro golaýlajakdygyny habar berdi.
Guramanyň internet saýtyndaky habara görä, Ýewropadaky toparlar 2019-2020-nji we 2020-2021-nji ýylyň möwsümlerinde uly maliýe ýitgilerine sezewar boldular.

“Covid-19” epidemiýasynyň çäklerinde bu iki möwsümde, toparlaryň hemaýatkärlik we ýaýlym girdejileri azaldy. Hasabata görä, epidemiýa sebäpli ýokary ligalarda 7,2 milliard ýewro, aşaky ligalarda bolsa 1,5 milliard ýewro möçberinde ýitginiň boljakdygy mälim edildi.

Şonuň netijesinde Ýewropada 2020-nji ýylyň tomus möwsümindäki transfer işleri 39 göterim, 2021-nji ýylyň gyşky transfer möwsümi bolsa 56 göterim peseldi. Umuman, toparlar täze futbolçylar satyn almaga köp möçberde pul serişdelerini gönükdirmekden gaça durdylar.

UEFA guramasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Çeferin futbolyň häzirki döwürde uly kynçylyklary başdan geçirýändigini belledi.

 

Kongo bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar