SPORT

Tokio ― 2021: daşary ýurt wekiliýetleriniň adam sany çäklendiriler

Ýaponiýanyň Hökümeti öňümizdäki tomusda Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna geljek daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalarynyň sanyny bellenileninden iki essä çenli azaltmagy meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, Tokio şäherine barjak daşary ýurtly adamlaryň sany türgenler bilen bile hasaplanylanda, 78 müňden geçmez. Bu barada «Kyodo» agentligi habar berdi.

Geçen ýyl Oýunlaryň wagtyny özgertmek bilen bagly karar kabul edilende, daşary ýurt wekilleriniň sany 180 müň adam hökmünde görkezilýärdi. Ýöne habarlar agentligi Hökümetiň munça adamy kabul etmekçi däldigine ünsi çekýär.

Elbetde, bu çäreler koronowirus pandemiýasynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýär. Bu çäklendirme Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga geljek döwlet ýolbaşçylary babatynda hem ýörediler. Has takygy, daşary ýurt Prezidentleriniň wekiliýeti 12, premýer-ministrleriniň wekiliýeti bolsa 5 adamdan geçmez.

Şeýle hem ýapon Hökümeti daşary ýurt wekillerinden ýurtda mümkin boldugyndan az möhletde galmagyny, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmazlygyny haýyş edýär.

 

Frazeologizmler/phrasal verbs ýa-da Durnukly söz düzümleri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar