JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Paýtagtymyz Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň, Balkan welaýaýatynyň, Daşoguz welaýatynyň, Lebap welaýatynyň, Mary welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň ýaşaýyjylarynyň adyndan ajaýyp bedewler sowgat berildi.

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ahalteke bedewi sowgat berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Arkahan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Daghan atly bedewler sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu bedewleriň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň hem-de käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajalaryny dakdy.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Gözelligi, ýyndamlygy, eýesine çäksiz wepadarlygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp atlar tomaşaçylaryň belent hormatyna mynasyp bolýar. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy. Bu atlar eminler topary tarapyndan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar hökmünde ykrar edildi.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Şeýle hem konkur hem-de uzak aralygyna atly ýöriş bäsleşiginiň ýeňijileri hem sylaglandy.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Fortune” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri