JEMGYÝET

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Aşgabat şäheriniň atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby-hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalalary bilen döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda meşhur Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, atşynaslar we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, ahalteke atlarynyň nusgasyna öwrülen Pyýada atly bedewiň heýkeliniň oturdylamgynyň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.

Pyýada Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar.

Pyýada atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy türkmen halkynyň bedewe bolan hormat sarpasynyň nyşany boldy.

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar