MEDENIÝET

Moskwada Täze ýyl feýerwerki ýatyryldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Täze ýyl baýramçylygy adaty görnüşden has az şowhunly görnüşde belleniler. Moskwa şäheriniň häkimliginiň habar bermegine görä, Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk feýerwerki hem ýatyryldy.

– Geçen ýyl bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda hem feýerwerk bolmaýar – diýip, bellenildi.

Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy gijesi Russiýanyň 20 sebitinde hem feýerwerkler ýatyryldy. Olaryň arasynda Murmansk, Rýazan, Kurgan, Wologde, Lipesk, Rostow, Stawropol, Perm, Krasnodar, Başgyrdystan, Kabardin-Balkariýa, Koma we Hanty-Mansiýsk awtonom okrugy bar.

Related posts

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi