BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 970.1 million dollar

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 970.1 million dollara barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Hasabat döwründe özbek önümleriniň Türkmenistana eksporty 106.5 million dollar, Türkmenistanyň önümleriniň eksporty bolsa 809.6 million dollara deň boldy.

Bu görkezijiler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedir. 2021-nji ýylda söwda dolanyşygy 761.2 million dollar, 2022-nji ýylda 877.5 million dollara barabar boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.

Özbegistan häzirki wagtda dünýäniň 199 ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. Söwdanyň iň köp möçberi Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe we Koreýa Respublikasy bilen alnyp barylýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy

Oba hojalyk önüm öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen ýer bölünip berilýär