MEDENIÝET

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokio şäheriniň “The Shoto Museum of Art” sungat muzeýinde  “Merkezi Aziýanyň el işleri” şygary astynda Türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň, ajaýyp keşdeleriniň we şaý-sepleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinden 14-nji iýuny aralygynda dowam eder.

Sergi Ýaponiýanyň Hirosima prefekturasynyň Sungat muzeýiniň gorunda saklanýan ajaýyp türkmen eserlerini tokioly ýaşaýjylara görkezmegi, Beýik Ýüpek ýolynyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýadaky medeniýeti açyp görkezmegi, türkmen keşdelerini, ajaýyp el işlerini, kümüş şaý-seplerini we beýleki däp bolan senetleri görkezmegi maksat edinýär.

Sergide 200 golaý türkmen kümüş şaý-sepleri, milli ketenisi, keşde çekilen çyrpylaryň görnüşleri we el işleri görkezilýär.

Serginiň geçirilýän wagty “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen gabatlaşyp, onda iňlis atşynaslary tarapyndan ýygnalan türkmen bedew atlarynyň bezeg şaý-sepleri we esbaplary hem ýaýbaňlandyrylandyr.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri