JEMGYÝET

Awazada Merkezi Aziýanyň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň duşuşygy geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz duşuşygyň barşynda ýurdumyzda milli hem-de sebit derejesinde jemgyýetçilik işjeňliginiň ähli görnüşlerinde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek we gender deňligi ugrunda uzak möhletli maksatnamalaryň çäklerinde amaly taýdan edilmeli işlere aýratyn üns berilýändigini belledi.

Hususan-da, Türkmenistan gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikinji bäşýyllyk hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Bu resminamanyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, esasan hem, «BMG — Zenanlar» düzümi, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen bilelikde Pekin Jarnamasynda we Hereketler platformasynda beýan edilen birnäçe möhüm ugurlarda degişli işler alnyp barylýar.

Sebit derejesinde Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýanyň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyny ýola goýdy.

Sebitde Gender deňligine has hem ähmiýet bermek üçin, şu ýylyň 6-njy awgustynda, Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde şol Dialogyň nobatdaky duşuşygy geçiriler.

Şeýle hem biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary kabul edildi. Şolaryň esasynda möhüm iri halkara forumlar geçirildi.

 

 

Türkmenistan pes uglerodly energiýany ösdürmegi goldaýar

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar