DÜNÝÄ

Türkmenistan pes uglerodly energiýany ösdürmegi goldaýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň barşynda häzirki wagtda dünýäniň gün tertibinde möhüm orny eýeleýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berip, Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy we Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa boýunça borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigini belledi.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlykda bu resminamalara laýyklykda, milli hasabatlary taýýarlamak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan ählumumy «tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny aýratyn nygtady. Olar, hususan-da, pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Strategiýasyny işläp düzmek hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek üçin halkara «ýol kartasyny» Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda taýýarlamak boýunça başlangyçlardyr.

 

 

Kubok Amerika: Braziliýa finalda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy