DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Ýylmazyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.


Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara we sebitleýin gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şol sanda BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň  Türkmenistana sapary

23-nji mart Bütindünýä meteorologiýa güni

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistan GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy