Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylda Moskwanyň Gyzyl meýdanynda geçirilen Beýik Ýeňşiň harby parady bütin dünýä ýaň salypdy. Şol harby parady belli serkerde G.K.Žukow ahalteke gyr aty bilen kabul edipdi. Gyzyl meýdandaky harby parady bezän şol gyr at türkmen topragynyň meşhur Arap diýen atydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetindäki makalada bellenip geçilýär.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabyndaky jümleler hakydamyza dolýar. Onda: «…marşal Žukow şol bedewde Ýeňiş paradyny kabul etdi. Ahalteke bedewi bolan Arap iň gowy tohum atlaryň naýbaşysydy, ol güneşli ýurdumyzyň wekili bolup, Ýeňşiň alamatyna, parahatçylyk wekiline öwrüldi!» diýlip, örän jaýdar bellenilýär. Geçen uruşda türkmen gerçeklerimiz bilen birlikde ahalteke bedewlerimizem jeňlere gatnaşyp, söweş ýollaryny geçipdiler.
Beýik Ýeňişden 10 ýyl öň, 1935-nji ýylda bolsa ahalteke bedewlerimiz Aşgabat — Moskwa atly ýörişi arkaly dünýä ýaň salypdylar.
Beýik Ýeňşiň paradyny kabul etjek adama — şol wagtky Soýuzyň dört gezek Gahrymany, urşuň ot-ýalnynyň içinden geçen marşal G.K.Žukowa birnäçe atlary görkezýärler. Türkmeniň ahalteke atyna bolan söýgüsi has-da artan belli serkerde Arabyň boýnundan buýsanç bilen gujaklap, oňa mähirli sözlerini beýan edýär. Türgenleşikden soň, ol Arap bilen has-da dostlaşýar. Soňra türkmeniň meşhur Araby bilen Beýik Ýeňşiň harby paradyny kabul edýär.
Beýik Ýeňşiň harby paradynda ýalkym saçan Arap diňe bir özüniň däl, hatda nesilleriniň üsti bilen hem uly meşhurlyga eýe boldy. Onuň Awangard, Ararat, Absent, Alam ýaly nesilleriniň arasynda Absent has-da tapawutlanyp, dünýä ýüzünde şan-şöhrata mynasyp boldy. Bu günki günde ezber atşynaslar tarapyndan döredilen Arap ugry güneşli, parahat Diýarymyzyň dürli künjeklerinde örňedilýär.
