Ynha, arassa türkmen dünýägaraýşy. Bütin dünýäniň halklaryna, umumy adamzat nesline ene dilinde ýüzlenişiň türkmene mahsus nusgasy. Belki siziň ýadyňyzdadyr, “Her bir sözi köşekli düýä degýändir” diýilýän diýgirt. Unudan bolsaňyz, men biraz kömek edeýin: Nurmyrat Saryhany ýatlaň, Kitap hakynda oýlanyň, Welmyrat agany göz öňüne getiriň.
Öz döwründe türkmeniň milli sesi bolup ýaňlanan şahyryň bu setiri “Delalat ýagşy” diýen goşgusyndan alyndy. Türkmeniň sözleýiş medeniyetiniň köki-de bu şygara esaslanýar. Bu setirden türkmenleriň sözleýiş bilen baglanyşykly medeniýetiniň hazynasyna gidýän ýoly tapyp bilersiňiz.
Diňe şu setirden gürrüň edilende-de, bütin türkmenleriň tutuş dünýädäki adamzat nesline bolan tutumy mesaňa mälimdir. Goşmaça düşündirişe mätäç bolmadyk bu setirleriň sagdyn seljerilmegi netijesinde şuny anyk aýdyp bileris: Sözli söweşleri duruzyp, dawalardyr jenjellere döşüni gerip, “ajy söze” garşy çykyp bilen halkyň medeniýeti özboluşly häsiýete eýedir.
Bütin dünýä halklaryny emele getirýän ADAMZADA HEMIŞELIK “ajy söz urmazlygy” ündeýän türkmen ýaragly söweşe taryh boýunça hiç wagt razy bolmandyr, oňa asla razylyk bermändir, bu düşünjäniň garşysynda asla boýnuny egmändir.
Bu aýdylanlar babatda taryhyň geçmiş sahypalrynda türkmenleriň baý we nusga alarly tejribeleriniň bolandygyny ýörite nygtamak gerek. Geliň, indi mysaly Mollanepesden alalyň.
Mollanepesi bize diňe söýginiň, aşyklygyň liriki şahyry diýip tanatdylar. Dogry, muňa hiç kim ýalňyş diýmez. Ýöne söýginiň hakyky söýgi bolmagy üçin hakykat gerek, medeniýet gerek, syýasat gerek. Esasan hem özbaşdaklyk zerur, garaşsyzlyk zerek, bitaraplyk zerur. Bular nire, Mollanepes küje?! Ýok beýle diýmeli däl, bu ýerde gozgalýan meselä degişli Mollanepesiň hem özboluşly goşandynyň bardygyny aýtmak gerek.
Başgaça aýdanymyzda, Mollanepesiň öz ýaşan döwründäki syýasaty we döwlet gurluşyny gowy bilen şahyrdygy hakynda bize hiç hili maglumat bermediler. Gürrüňi edilýän meselä degişli käbir goşgularyny hem labyzly okaň, ýat tutuň diýen ýumuşlar bilen başdansowma etdiler. Şolaryň birine bilelikde göz gezdireliň.