DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço The Ýol tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri üçin guralan resmi agşamlyk nahary boldy. Oňa Türkmenistanyň Ilçisi B. Durdyýew hem gatnaşdy.

Guralan giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy temasy şu ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky birinji Sammite taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy.

Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň DIM-niň ýolbaşçysy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş dinamikasyny belledi. Ol geljekki sentýabr Sammitiniň sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça Türkmenistanyň Ilçisi döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtady. Haryt dolanyşygynyň durnukly ösmegi we esasy ugurlar boýunça amaly özara hereketleriň giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar iki halkyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertleri hökmünde akademiki alyşmalary işjeňleşdirmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi koreý tarapynyň geljekki Sammitiň ýokary guramaçylyk we mazmun derejesini üpjün etmekde hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary