JEMGYÝET

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

«Özbegistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahatynyň çäklerinde «Özbeknebitgaz» AJ-niň dolandyryş geňeşiniň başlygy Abdugani Sanginowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Najafyň we Britaniýanyň öňdebaryjy «British Petroleum» (BP) energetika kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit prezidenti Jowanni Kristofoliniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Üstýurt sebitinde geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak, ýataklary özleşdirmek we uglewodorodlary gazyp almak boýunça Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministrligi, «Özbeknebitgaz» we «SOCAR» arasynda 2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda gol çekilen önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «British Petroleum» kompaniýasynyň goşulmagy, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu taslama Üstýurt sebitiniň alty sany maýa goýum blogunda — «Boýterak», «Terengguduk», «Birkory», «Haroý», «Garagalpak» we «Gulboý» meýdançalarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmegi hem-de alnan netijeler boýunça uglewodorodlaryň senagat taýdan gazyp alynmagyna başlamagy göz öňünde tutýar.

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň, «Özbeknebitgaz» AJ-niň dolandyryş geňeşiniň başlygy Abdugani Sanginowyň, «SOCAR»-yň prezidenti Rowşan Najafyň we «British Petroleum» kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit prezidenti Jowanni Kristofoliniň arasyndaky üçtaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

«British Petroleum» kompaniýasynyň Üstýurt sebitindäki önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga goşulmagy diňe bir täjirçilik ylalaşygy bolman, eýsem halkara maýa goýumlarynyň Özbegistanda amala aşyrylýan reformalara we energetika pudagyny ösdürmek syýasatyna bolan ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar