DÜNÝÄ

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Täjigistan bilen Hytaýyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlyk barada 31 sany täze resminama gol çekildi.

Iki döwletiň baştutanlary –Emomaly Rahmon we Si Szinpin Täjigistan Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky Bilelikdäki beýannama hem-de Täjigistan Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ebedi dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama gol çekdiler.

Bellenilip geçilişi ýaly, bu resminamanyň esasy şygary şudyr: «Ebedi dostlar, hiç wagt duşman däl».

Mälim bolşy ýaly, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Hytaýda döwlet saparynda bolýar.

Related posts

Finlýandiýada 4 günlük iş hepdesi teklibi

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde gepleşikler geçirýär

Ata Watan Eserleri