DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri Minori Kiuçi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleri üçin hoşallygyny bildirdi.

Öz gezeginde, Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatyna ýokary baha berdi. Ýaponiýanyň hökümetiniň ýapon dilini öwrenýän türkmen ýaşlarynyň sanynyň artdyrylmagyna, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy.

Gepleşiklerde taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, emeli aň (AI) we sanly özgeriş, ylmy innowasiýalar, ýaşyl tehnologiýalar, bilimi ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de ykdysady howpsuzlyk we kiberhowpsuzlyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Putin Alýaska sapar eden ilkinji rus lideri bolar

Rus ýolagçy uçarlaryny Hindistanda öndürmek meýilleşdirilýär

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri