DÜNÝÄ

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Tähran Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýa garamazdan, 12-nji awgustda Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň sammitini kabul etmäge meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Gazagystandaky ilçisi Ali Akbar Joukar habar berdi.

“Kanagatlanma bilen habar berýärin, Eýran Yslam Respublikasy 2026-njy ýylyň awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň ýedinji sammitini gurar. Biz Hazar deňziniň halkara güni (12-nji awgustda bellenilýär) hem-de Tähran konwensiýasynyň güýje girmeginiň 20 ýyllygy bilen bir wagtda Tähranda Hazarýaka döwletleriniň Prezidentlerini kabul etmäge hormat gazanarys diýip umyt edýäris”, — diýip, ol Astanada geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde Hazar deňziniň ekologiýasy baradaky plenar mejlisde eden çykyşynda belledi.

12-nji awgust Hazar deňziniň halkara güni hökmünde bellenilýär. Bu sene Hazarýaka bäş döwletiň — Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan — bilelikdäki üstünlikleriniň nyşanydyr. Hut şol gün, 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) güýje girdi. Altynjy sammit 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.

Related posts

Türkmenıstanyň hökümet wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumy 2021-e gatnaşdy

“Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

ÝUNISEF Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk

vepa