JEMGYÝET

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BerdimuhamedowArkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýanhem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişliýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz döwrebap şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýanmekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin bu ýere geldi. Döwrebaplaşdyryş işleri batly depginde dowamedýän mekdebiň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowadyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunçawise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnypbarylýandygy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary derejedeenjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň, beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilenbaglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. “Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dilleriniçuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, islän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir” diýip, GahrymanArkadagymyz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dilöwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şol birwagtyň özünde bu ýerde açyk we ýapyk görnüşli stadionlaryň bolmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Olardaýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilmelidir.

“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepdebilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini üpjün edýän topluma öwrüler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli we hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdyhem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde meýilleşdirilen gurluşyk we guramaçylyk işleriniň kesgitlenenkadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýada suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşini döretmegi teklip etdi