JEMGYÝET

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 13 sany ýaşaýyş jaýy açyldy

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar täze jaýlarda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, jaý toýlary tutuldy.

9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgäh guruldy. Seýilgähiň çäginde dürli görnüşli saýaly baglar ekilip, ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berip, ýakymly howa gurşawyny döredýär.

Related posts

2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi

Arkadag şäherinden Awaza çenli ýokary tizlikli otly gurlar

Türki geňeş we YHG-niň sammiti barada brifing

Ata Watan Eserleri