SPORT

Türkmen türgenleri 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanyp başlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder