DÜNÝÄ

Gazagystanda Gurultaý üçin saýlawlar geçirilýär

Gazagystanda Gurultaýa (täze bir palataly parlamente) saýlawlar geçirilýär. Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň wagty 07:00-da başlady, 20:00-da tamamlanar. Sagat 20:00-da sesleri sanamak başlanar we muňa 12 sagatdan köp bolmadyk wagt berilýär. Saýlawlaryň netijeleri geçirilen gününden başlap 10 gün möhletde, ýagny 1-nji sentýabrdan gijä galman bellenilmeli we çap edilmelidir.

Ses bermek 10,4 müňden gowrak saýlaw uçastogynda, şol sanda Gazagystanyň 61 daşary ýurtdaky wekilhanalarynyň ýanyndaky 79 uçastokda geçirilýär.

Saýlawlara gatnaşmak üçin Gazagystanyň Merkezi saýlaw topary ähli ýedi syýasy partiýadan 545 dalaşgäri hasaba aldy: “Adilet” (186 dalaşgär), “Ak jol” (63), “Awyl” (69), “Baýtak” (47), Gazagystanyň Halk partiýasy (72), Bütinmillet sosial-demokratik partiýasy (33) we Respublika (75).

Saýlawlara gözegçilik etmek üçin Merkezi saýlaw topary 42 daşary ýurdy we 13 halkara guramany wekillik edýän 777 daşary ýurtly synçyny akkreditasiýa etdi. Şeýle hem synçylaryň arasynda 41 ýurduň parlamentleriniň 138 deputaty bar.

Gazagystanyň kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan ýokary wekillikli organy bolan Gurultaý ilkinji gezek saýlanar. Mundan öň mejlisden we senatdan ybarat bolan iki palataly parlament hereket edýärdi.

Related posts

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov