SPORT

“Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi

Germaniýanyň “Bawariýa” topary futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Dortmundyň “Borussiýa” toparyny 2:1 hesaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Dortmund şäheriniň “Signal Iduna Park” stadionynda geçdi.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde gollary Nataniel Braun (28-nji minut) we Maýkl Olise (45+1) geçirdiler. Utulan topardan bolsa Fabiu Silwa (75) tapawutlandy. Duşuşygyň 90-njy minutynda “Borussiýanyň” oýunçysy Rami Bensebaýni meýdançadan kowuldy.

“Bawariýa” Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi we mýunhenliler bu görkeziji boýunça rekordçydyr.

“Borussiýanyň” hasabynda 6 kubok bar. Geçen möwsümde “Bawariýa” Germaniýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy, “Borussiýa” bolsa ýurduň çempionatynda ikinji orny eýeländigi sebäpli Superkubok duşuşygyna gatnaşmaga hukuk aldy.

Germaniýanyň geljek hepde başlajak çempionatynyň birinji tapgyrynda “Bawariýa” 28-nji awgustda “Ştutgarty” kabul eder, “Borussiýa” bolsa 29-njy awgustda öz öýünde “Gamburg” bilen oýnar.

Related posts

“Mançester Siti”-niň kapitanyna Katarda garaşýarlar

Türkmen türgenleri agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

“Garabag” çempion boldy