SPORT

“Ahalyň” baş tälimçisi: her bir toparyň indiki tapgyra çykmaga mümkinçiligi bar

Türkmenistanyň “Ahal” toparynyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew we toparyň kapitany Elman Tagaýew AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäginde Özbegistanyň “Pahtakor” topary bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

– Ilki bilen, “Pahtakor” toparyny gyzgyn garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu duşuşyga oňat taýýarlyk gördük. “Pahtakoryň” ýeňiş gazanmak üçin islegi ýokary. Sebäbi topar entek bu ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi. Biziň hem öz meýilnamalarymyz bar – diýip, tälimçi Serdar Geldiýew belledi.

Futbolçy Elman Tagaýew hem duşuşyga örän gowy taýýarlyk görendiklerini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin tagalla etjekdiklerini belledi.

Ozal Özbegistanyň “Andijan” we “Nowbahar” ýaly toparlarynda çykyş eden Elman Tagaýew özbek toparynyň käbir futbolçylary bilen ozal bile oýnandyklaryny we toparyň köp sanly oýunçysynyň milli ýygyndynyň düzümine hem oýnaýandygyny belledi.

Türkmen toparynyň tälimçisi ähli toparlayrň indiki tapgyra çykmak üçin mümkinçiliginiň bardygyny belläp, her bir garşydaşa garşy özleriniň mynasyp oýnuny görkezmäge çemeleşýändiklerini belledi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy