SPORT

Fransuz toparyndan Salaha teklip

Fransiýanyň “Pari-Sen-Žermen” topary Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salaha hepdelik 500 müň ýewro zähmet hakly 3 ýyllyk şertnama teklip etdi. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

Futbolçynyň iňlis topary bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Berilýän habara görä, “Liwerpul” topary müsürli futbolçysyna hepdelik 400 müň ýewro zähmet hakly 2 ýyllyk täze şertnama teklip etmegi meýilleşdirýär.

32 ýaşyndaky Salah 2017-2018-nji ýyldan bäri “Liwerpul” toparynda çykyş edip gelýär. Müsürli futbolçy iňlis topary bilen Angliýanyň çempiony boldy, Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasynyň  kubogyny hem-de UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.

Häzirki möwsümde Salah 18 duşuşykda 17 gol geçirip, iň gowy netijeleriniň birini görkezýär.

Related posts

Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň owadan gol

Ata Watan Eserleri

Azmun bilen gyzyklanýanlar köpelýär

Çempionlar ligasy: “Sitiniň” 7:0-lyk ynamly ýeňşi