SPORT

“Arkadag” topary birinji orna geçdi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklarynyň netijesinde “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.

Bu tapgyrda “Ahal” topary bilen duşuşan “Arkadag” 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Tapgyryň beýleki duşuşygynda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary öz meýdanynda “Nebitçini” ýeňlişe sezewar etdi – 2:1.

Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň 9 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. “Ahal” toparynyň hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplandygyny bellemek gerek. Ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda 7 utuk toplan “Aşgabat” toparlary ornaşdy.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary 2-nji hem-de 3-nji aprelde geçiriler: “Aşgabat” – “Arkadag”, “Köpetdag” – “Şagadam”, “Energetik” – “Merw”, “Ahal” – “Altyn Asyr”.

 

4-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Arkadag” – “Ahal” – 4:1

Gollar: 10 Welmyrat Ballakow, 45+2 (11 m.j.u.) Arslanmyrat Amanow, 63 Altymyrat Annadurdyýew, 67 Begenç Akmämmedow (“Arkadag”) – 38 Alibek Abdyrahmanow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 7 Ybraýym Mämmedow, 36 Mirza Beknazarow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Arkadag ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

 

 “Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 17 Selim Nurmyradow, 50 Wahyt Orazsähedow (“Altyn Asyr”) – 53 Myratdurdy Baýramow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 37 Ruslan Täjiýew (“Altyn Asyr”) – 62 Wezirgeldi Ylýasow, 90+2 Serdar Gulyýew (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   “Arkadag” FK 3 3 0 0 12-1 9
2.  “Ahal” FK 4 3 0 1 8-4 9
3.  “Aşgabat” FK 4 2 1 1 4-1 7
4.  “Şagadam” FK 4 2 0 2 4-4 6
5.  “Merw” FK 4 2 0 2 3-3 6
6.  “Altyn Asyr” FK 3 1 0 2 3-6 3
7. “Nebitçi” FK 4 1 0 3 3-9 3
8.  “Köpetdag” FK 3 0 2 1 2-3 2
9.  “Energetik” FK 3 0 1 2 1-9 1

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy