SPORT

Ýewropada basketbolyň şasy – Ispaniýa

Basketbol boýunça Ýewropa çempionaty tamamlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy ýeňiş gazanyp, 4-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy. Berlin şäherinde geçirilen final duşuşygynda Ispaniýanyň ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysyny 88?76 hasabynda ýeňmegi başardy.

Duşuşygyň gahrymany Huanho Ernangomes boldy. Ol 27 utuk gazandy. Fransuz ýygyndysynda bolsa, iň ýokary görkezijini goragçy Ewan Furnýe gazanyp, onuň görkezijisi 23-e deň boldy.

Ispaniýa mundan ozal, 2009-njy, 2011-nji we 2015-nji ýyllarda Ýewropanyň çempiony bolupdy. Fransiýa 3 gezek kümüş medalyň eýesi boldy. Bu ýygyndy 2013-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolmagy başarypdy.

Mälim bolşy ýaly, basketbol boýunça Ýewropa çempionaty 4 ýurtda – Çehiýada, Gruziýada, Germaniýada we Italiýada geçirildi.

Ýene-de okaň

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar