SPORT

Ronaldonyň «Al-Nasr» klubundan gitmegi mümkin

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo tomusky transfer möwsüminde Saud Arabystanynyň bu klubundan gidip biler. Bu barada “Record” onlaýn neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 40 ýaşly futbolçy «Al-Nasrda» özüni bagtsyz duýýar we karýerasyny Ýewropada ýa-da MLS-de (ABŞ-nyň ýokary ligasynda) dowam etdirmek mümkinçiliklerine seredýär.

Habar berlişine görä, Ronaldony 50 million ýewro töweregi möçberde satyn almak mümkin. Kristiano 2023-nji ýyldan bäri «Al-Nasr» klubynda çykyş edýär. Futbolçynyň klub bilen baglaşan şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenendir.

Abraýly internet-portaly “Transfermarkt” ozal «Real», «Mançester Ýunaýted», «Ýuwentus» we «Sporting» klublarynda çykyş eden hüjümçiniň bazar bahasyny 12 million ýewro diýip bahalandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Ronaldo 3-nji fewralda toparyň türgenleşiklerine gatnaşmady we Saud Arabystanynyň futbol çempionatynda 2-nji fewralda “Er-Riýad” topary bilen geçirilen duşuşykda orun almady.

Ýene-de okaň

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy