DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy.

Duşuşykda Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasy we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli sanly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselesi maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Dima Al-Ýahýa guramanyň alyp barýan işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, ol strategiki maksatlarynyň bir bölegi hökmünde Merkezi Aziýa bilen gurama agza döwletleriň arasynda sanly hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, serhetüsti maýa goýumlaryny ösdürmäge we özara çemeleşmeleri utgaşdyrmak boýunça ýokary derejeli ministrler derejesinde gepleşikleri geçirmäge ähmiýet berýändiklerini belledi.

Ilçi M.Aýazow soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýändigini, bu ugurda 2026-2028-nji ýyllar üçin täze Konsepsiýanyň we Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny mälim etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

«The Investor» halkara neşiri Türkmenistan barada ýörite san çap eder