DÜNÝÄ

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumy geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow beren hasabatynda Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär.

Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji on günlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumyny geçirmek teklip edildi.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi