DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistanyň we Ermenistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiň düzümi  hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Related posts

Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi