DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Duşenbede sebitara dialoga gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Işewürlik we innowasion telekeçilik arkaly sirkulýar ykdysadyýetiň, howanyň üýtgemeginiň we maýa goýumlaryň arasyndaky arabaglanyşygy giňeltmek» atly dördünji sebitara dialoga gatnaşdylar.

Bilermenleriň, alymlaryň we parlament wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu sebitara dialogyň maksatnamasy giň gerimli bolup, onuň işi umumy mejlisde we dürli ugurlar boýunça mowzuklaýyn mejlislerde alnyp baryldy.

Sebitara dialogyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Parlamentinde kanun çykaryjylyk işi boýunça toplanan tejribeler we OOO «Akia Avesto» önümçilik toplumynda sirkulýar ykdysadyýet boýunça önümçilik tejribeligi bilen tanşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş ýörelgesini ilerletmekde, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde toplanan tejribeler, sirkulýar ykdysadyýete geçmek bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli işler barada giňişleýin çykyş etdiler.

Şeýle hem maslahatda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky işlerde halkara hyzmatdaşlygyň, maýa goýumlaryň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň sebitara dialogynyň işiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

72 ýaşly adam aýalyna aýlanýan jaý gurup berdi

Türk geňeşiniň 8-nji sammiti Stambulda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar