DÜNÝÄ

72 ýaşly adam aýalyna aýlanýan jaý gurup berdi

Bosniýaly aýal öýüniň penjiresinden görünýän görnüşiň üýtgäp durmagyny isledi. 72 ýaşly adamsy oňa aýlanýan jaý gurup berdi.

Wojin Kusiç aýalynyň arz-şikaýatlaryndan we jaýy gaýta abatlamakdan ýadap: «Saňa aýlanýan jaý gurup berjek, islän tarapyňa öwrüp, görüp bilersiň» diýip, kesgitli karar geldi.

Jaýyň gurluşygy 6 ýylda tamamlandy. Jaý Bosniýanyň demirgazygyndaky Srbak şäheriniň golaýyndaky düzlükde ýerleşýär, bu ýerde mekgejöwen meýdanlary, derýalar ýa-da tokaý tarapa aýlap, dürli tizlikde öwrülip bilýär.

Iň çalt aýlanma 22 sekuntda 1 gezek. Wojin Kusiç täsin gurluşyk barada: «Bu-innowasiýa däl. Munuň ýaly jaý gurmak üçin diňe isleg we bilim gerek, mende bolsa ýeterlik wagtym we bilimim bardy» diýip, belläp geçdi.

 

Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

Related posts

Baýdeniň ilkinji daşary ýurt sapary

Rustam Minnihanow täzeden Tatarystanyň Baştutany boldy

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Ata Watan Eserleri