DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Tokioda bellendi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tokioda geçirilen çäräniň çäklerinde Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoene «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanynynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Ýaponiýanyň parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, işewürler, daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri we Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, habarçylar hem-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleriniň hem-de ýurdumyza bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilişi geçirildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar