DÜNÝÄ

Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 26-njy mejlisi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Duşuşygyň çäklerinde söwda, ulag, maýa goýum, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Özbegistanyň guramanyň başlyklygy döwründäki işleriň jemlerine seredilýär.

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 26-njy mejlisine guramanyň baş sekretary Husraw Noziri bilen bir hatarda beýleki guramalaryň hem ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ministrleriň duşuşygyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew hem duşuşyga çagyryldy.

Related posts

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-meksikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistan-Ermenistan Hükümetler arası Ekonomik Komisyonu Toplandı

vepa

Leave a Comment