DÜNÝÄ

Iň köp kitap satylan hepdesi yglan edildi

«Wall Street» žurnalynyň habar bermegine görä, mart aýynyň soňky hepdesi ýagny şu hepde iň köp kitap satylan hepde hasaplandy. Umuman aýdanymyzda, şu hepde dünýäniň ähli künjeklerinde kitaba bolan isleg adatdakylardan has-da ýokarlandy. Onda diňe bir kagyz görnüşdäki kitaplara däl-de, elektron kitaplaryň hem alyjylary artdy. Dünýädäki käbir sebäplere görä, ençeme ýurtlarda wagtlaýynça öýde işleýän ýa-da gysga wagtlyk dynç alyşa çykan adamlaryň bardygy hemmä mälim. Garaşylmadyk bu ýagdaý öýde okaýanlaryň sanynyň artmagyna hem-de adamlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrdy. Bu habar, adamlaryň öýde oturandyklaryna garamazdan wagtlaryny sarpaly ulanýandyklaryny äşgär edýär.

Related posts

Türkmenistan-BSG: işjeň synçy derejesi berildi

Ata Watan Eserleri

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Ýedi aýlyk bäbek ― şäheriň meri

vepa