DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň parlament ýolbaşçylary Täjigistanyň Milli teatryna baryp gördüler

28-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň parlament wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň dördünji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine bardylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa başlyklyk edýär.

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň habar bermegine görä, günüň ikinji ýarymynda myhmanlar, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy we Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali bilen bilelikde, Täjigistanyň Milli teatryna baryp gördüler.

Bu döwrebap medeni desgada bolan saparlarynda hormatly myhmanlar giriş meýdançasy, teatryň giň eýwany, konsert we maslahat zallary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, olar milli bezegleri, bezeg elementlerini, zallaryň görnüşini we dizaýnyny, içki we daşky bezegini, şeýle hem milli medeniýeti we häzirki zaman binagärliginiň talaplaryny göz öňünde tutup, ýokary derejede ýerine ýetirilen çeperçilik elementlerini synladylar.

Related posts

Eýranyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

Ata Watan Eserleri

“Toyota”-dan Hytaýa 1,2 milliardlyk maýa goýum

Tatarystanda döwlet ýolbaşçysyna täze at bilen ýüzlenmek teklip edildi