DÜNÝÄ

Türkiýe Gazagystan bilen söwda dolanyşygyny 15 milliard dollara çenli artdyrar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolýar. Ol bu saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew ertir Ankara şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşar.

Rejep Taýyp Ärdogan Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren gepleşiklerinde Türkiýäniň Gazagystan bilen söwda dolanyşygyny 15 milliard dollara çenli artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

“Biz özara söwdany 15 milliard dollara çenli artdyrmagy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň maýa goýum ölçeglerini güýçlendirmegi maksat edinýäris” -diýip Ärdogan öz çykyşynda belledi.

Türkiýäniň Prezidentiniň bellemegine görä, Astana saparynyň dowamynda birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda baky dostluk Jarnamasyna we Giňeldilen Strategik Hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler.

Şeýle hem, Strategik Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň indiki mejlisinde hyzmatdaşlygy amaly ädimler bilen berkitmäge taýýardygyny bildirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew hem öz gezeginde  Türkiýäniň Respublikasynyň milli baýramy – Respublika gününiň öňüsyrasynda geçirilen duşuşygy çuňňur simwoliki diýip atlandyrdy we Rejep Taýyp Ärdogany bu waka bilen gutlady.

Tokaýew Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur kökleriniň bardygyny belläp, ýurtlaryň umumy taryhy, dili we meňzeş däpleriniň bardygyna ünsi çekdi.

“Türkiýe Gazagystanyň iň uly bäş söwda hyzmatdaşynyň biridir. Mundan başga-da, Türkiýe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine uly maýa goýan iň uly on maýadaryň arasynda. Köp sanly iri türk kompaniýalary Gazagystanda üstünlikli işleýärler” -diýip, gazak Lideri çykyşynda belledi.

“Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň yzygiderli ösüşi biziň umumy bähbitlerimize laýyk gelýär. Siziň bilen bilelikde Türki Döwletler Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşarys” diýip, Tokaýew aýtdy.

Şeýle hem, ol Antaliýada geçiriljek “COP31” howa forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Related posts

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş baýramy bellendi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Ysraýyl Türkmenistana täze ilçi belledi