DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýäniň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýanyň parlament assambleýasynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkiýe bilen Türkmenistanyň umumy taryhy, dili, dini we medeniýeti bolan iki dogan ýurtdygyny belläp, Şentop iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasan hem soňky döwürde okgunly ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky parlament gatnaşyklaryň has-da jebisleşýändigini bellän Şentop şeýle diýdi:

– Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek haklynda gol çekilen äthnama hyzmatdaşlygymyň has-da ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn. Şeýle hem Türkmenistan bilen Türki döwletleriň parlament assambleýasy (TÜRKPA) we beýleki meýdançalarda parlamentara gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris. Türki dünýäsiniň arasyndaky jebislik we raýdaşlygyň häzirki döwürde bolşy ýaly, geljekde-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň kepili boljakdygyna ynanýarys.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geçen ýyl Aşgabatda saparda bolupdy. Şol saparyň çäklerinde ençeme duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem türk myhmany “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglanypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi