DÜNÝÄ

16 dalaşgärli prezident saýlawlary

Ekwadorda prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Ýurduň iň ýokayr döwlet wezipesi üçin 16 dalaşgär bäsleşdi. Bu barada “El Universo” ýerli neşiri habar berýär.

Ýurduň häzirki Prezidenti Daniel Noboa saýlawlaryň ilkinji netijelerine görä, öňde barýar. Ýöne onuň hem ilkinji tapgyrda ýeňiş gazanmagy üçin zerur bolan sesleri almaga mümkinçiligiň ýokdugy bellenilýär.

Esasy bäsleşigiň Daniel Noboa bilen Luis Gonsalesiň arasynda bolmagyna garaşylýar.

Ekwadorda ses bermek hökmanydyr. Saýlaw uçastogyna gelmedik saýlawça 47 dollar jerime salynýar.

Täze saýlanan Prezident 24-nji maýda 4 ýyllyk prezidentlik ygtyýarlyklaryna girişýär.

Related posts

Eýrandaky prezident saýlawlarynda Pezeşkiýan ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy