JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýanyň parlament assambleýasynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkiýäniň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, Türkiýäniň Beik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopyň başlyklyk etmeginde geçirilýän mejlise dünýäniň 27 ýurdundan parlament wekiliýetleri gatnaşdy.

“Üýtgeýän halkara arenasynda köptaraplylygy ösdürmek” şygary bilen geçirilýän Aziýanyň parlament assambleýasynyň mejlisiniň netijesinde jarnama kabul edildi.

Mejlisiň barşynda Aziýanyň parlament assambleýasynyň baş sekretary Mohammed Reza Majidi we Türkiýäniň Beik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop çykyş edip, Aziýanyň parlament assambleýaysnyň maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem parlament diplomatiýasynyň ählumumy giňişlikde köp sanly meseleleri çözmekde ygtybarly gurala öwrülýändigi bellenildi.

Aziýanyň parlament assambleýasy 2006-njy ýylda döredildi we ol Aziýanyň parlament assosiasiýasynyň oruntutary boldy.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2-nji sentýabrda umumy sapak geçer

500 ýewronyň çap edilişi togtadyldy

vepa

Taryhda şu gün — 4-nji dekabr

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment